Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan ynsanperwer işleri halkymyzyň durmuşy bilen aýrylmaz bagly bolup,  saglygy goramakda, durmuş üpjünçiligi kadalaşdyrmakda, bilimde we ýaşlary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde saldamly goşant goşýar. Ynsanperwerlik bolsa ata-baba eýerip gelýän ahlak ýörelgeleriň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurduna öwrülen döwletimizde häzirki wagtda raýatlarymyzyň saglygyny goramakda, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ruhy we beden sagdynlygy ynsan durmuşyndaky esasy gymmatlyklaryň biridir. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň jogapkär işgärleri tarapyndan iýun aýynyň 11-12 aralygynda Türkmenabat Halkara howa menziliniň Halas etmek we ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda “Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň kadalaryny öwretmek” boýunça iki günlik okuw geçirildi. Ýaş tapawudyna garamazdan her bir adamyň durmuşynda gabat gelip biläýjek döwük-ýenjiklerde, bogulmalarda, zäherlenmelerde, ýanyklarda, zäherli ýylanyň çakmagynda, mör-möjekleriň ýa-da haýwanlaryň dişlemeginde, ýürek-öýken reanimasiýasynda we tok urmagynda ejir çekene ilkinji gaýragoýulmasyz kömegi bermegiň ýollary diňleýjilere prezentasiýalar we tejribeler arkaly giňişleýin öwredildi. Okuw başynda diňleýjileriň ýokarda ady agzalan mowzuklar boýunça sowalnamalar arkaly bilimleri barlanyldy. Ýaşaýyş jaýlarynda we görnüşine garamazdan ähli edara-guramalarda duş gelýän her bir ýagdaýyň üstünde aýratyn durlup geçildi, bolan hadysada lukmanlar gelmezinden öň lukmançylykda ulanylýan serişdeler tapylmadyk halatynda gol aşagynda bar zatlardan ýerlikli we dogry peýdalanmagyň usullary görkezildi. Adamyň ömrüni halas edip, saglygyny gorap saklamaga gönükdirilen kömegi bermegiň dogry ýollaryny bilmek her birimiziň borjumyzdygy nygtalyp geçildi. Her birimiziň sagdynlygymyz-jemgyýetimiziň sagdynlygy, Jemgyýetiň sagdynlygy bolsa biziň döwletimiziň abadanlygy we baýlygydyr.

  

 

 

 

 

 

 

23189351
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6341
13951
315506
454636
23189351

Siziň IP: 216.73.216.237
2026-06-21

Связь с нами