Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň “Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek” taslamasynyň çäginde,  2026-njy ýylyň aprel aýynyň  21–24-i aralygynda Lebap welaýatynda tejribe alyşmak maksady bilen, iş sapary guraldy. Taslamanyň utgaşdyryjysy tarapyndan geçirilen bu duşuşygyň esasy maksady ýaş meýletinçileriň bilimini ýokarlandyrmakdan we olaryň jemgyýetçilik işjeňligini güýçlendirmekden ybarat boldy. Saparyň dowamynda TGÝMJ-niň Lebap welaýatynyň Kerki we Köýtendag etraplarynyň ýaşlar merkezleriniň meýletinçileri üçin “Sagdyn durmuş ýörelgeleri” mowzugy boýunça okuw sapaklary geçirildi. Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylara arassaçylyk düzgünleriniň ähmiýeti, şahsy arassaçylygyň kadalary, gazly we reňkli içgileriň adam organizmine ýetirýän zyýany hem-de olaryň öňüni alyş çäreleri barada giňişleýin maglumat berildi. Mundan başga-da, bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyň saglygy berkitmekdäki ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Okuw sapaklary diňe bir nazary maglumatlar bilen çäklenmän, eýsem dürli interaktiw oýunlaryň we toparlaýyn çäreleriň üsti bilen has täsirli we gyzykly görnüşde alnyp baryldy. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, olaryň durmuş taýdan işjeňligini artdyrmakda hem-de jemgyýetde oňyn garaýyşlary kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

 

 

 

 

 

 

 

 

22521610
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2863
14349
102401
430348
22521610

Siziň IP: 216.73.216.130
2026-05-08

Связь с нами