Habarlar

      Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasynyň Daşoguz welaýat bölümi boýunça işgärleri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde hem ilatyň, aýratynda çagalaryň arasynda öňüni alyş wagyz işlerini yzygiderli geçirýärler. 2017- nji ýylyň awgust aýynyň 04-ne Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirlen “Ýangyndan äge bol!” atly okuwlar muňa aýdyň mysaldyr. Çäräniň dowamynda çagalar ýangyn howpsuzlygy, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň usullary boýunça degişli bilimleri aldylar. Okuwlar gyzykly sorag –jogaplaryň üsti bilen geçirildi. Okuw sapagynyň jeminde has işjeňligi görkezen çagalar hormat hatlary we gymmat baha sowgatlar bilen sylaglandy.

 

      

 

22356938
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10587
13384
368077
431495
22356938

Siziň IP: 216.73.216.12
2026-04-26

Связь с нами