Habarlar

Biz, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň ýerlerdäki wekilleri bolup “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at - myradyň mekany” ýylyň ilkinji günlerinden başlap Çärjew, Farap we Dänew etraplarynda okuw maslahatlaryny guradyk. Olara mekdebe çenli çagalar bagy edaralarynyň işgarlerini hem çekdik. Körpelikden arassaçylyk düzgünlerini öwrenen, şolara eýermek endiklerini ele alan adamlar bütin ömrüniň dowamynda özlerini ýokanç kesellerden goramaly usullaryndan peýdalanmagy başarýarlar. Terbiýeçiler çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň ata-eneleri bilen hem iş alyp barýarlar. Biz olara Adatdan daşary ýagdaýlar dörände, özüne alyp barmagyň düzgünleri, dürli ýokançlara garşy göreşmegiň ýollary barada düşünjeleri berdik. Şonuň ýaly-da Adatdan daşaryýagdaýlar dörände, özüne alyp barmagyň düzgünlerini öwredýän gollanmalar şahsy arassaçylyk barada düşünje berýän neşir önümleri paýlanyldy. Şeýle okuw maslahaty ýakynda günlerde Darganata etrabynda geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Fewral 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 1
21226701
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7121
17098
81293
605503
21226701

Siziň IP: 216.73.216.15
2026-02-05

Связь с нами