Habarlar

    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Italýanyň Gyzyl Hajy bilen ozara ylalaşygyň esasynda “Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasy durmuşa geçirilip başlandy. 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne Aşgabat şäheriniň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň “Mejlisler otagynda” bu taslamanyň iş ugurlary boýunça tanyşdyryş seminary geçirildi. Bu seminara taslamanyň işgärleri, TGÝMJ-niň merkezi edarasynyň we welaýat bölümleriniň hünarmenleri şeýle hem, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň hünarmenleri gatnaşdylar. Seminaryň dowamyda taslamanyň iş meýilnamasy bilen kesgitlenen çäreler ara alynyp maslahatlaşyldy. Seminaryň sonunda taslamanyň utgaşdyryjysy Guwanç Gadamow ähli gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw edip, Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýangyn howpsuzlygy boýunça wagyz-nesihat çäreleriň gerimini giňeltmek, edara binalarynda, mekdeplerde, öýlerde ýangyn howpsuzlygy boýunça ähli guramaçylyk işleri geçirmekligiň ähmiýetiniň wajyplygy barada durup geçdi.

 

24085563
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11881
15551
330089
414784
24085563

Siziň IP: 216.73.216.246
2026-08-25

Связь с нами