Yakynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Esenguly etrap şahamçasyndaky wekili we meýletinçileri tarapyndan, 2026-njy ýyl ,,Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at- myradyň mekany“ ýyly mynasybetli halkyň saglygyny goramak maksady bilen etrapda hereket edýän edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda ,,Lukmandan deslapki ilkinji kömek bermekligiň kadalary” boýunça okuw öwrediş sapagy işjeň ýagdaýda geçirildi. Geçirlen çäre işgärleriň arasynda uly gyzyklanma döretmek bilen olaryň öz aralarynda pikir alyşmaklyga pursadyny döretdi.
Hormatly Akadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen mynasyp ada eýe bolan 2026-njy ýylyň her bir gününiň uly ösüşlerdir – özgertmelere beslenendigine ýürekden uýýan bagtyýar raýatlarymyz bilen bilelikde ýaşlarymyz hem döwür bilen deň gadam urýarlar. Ýaş meýletinçilermiz hem ,,Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany“ ýylynyň her bir gününi uly üstünliklere beslemegi niýet edinýärler.




