Habarlar

 

 

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly baýramlara beslenýär. Çünki, biziň ýurdumyz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda her ýyly döwrebap atlandyrmak we ýylyň nyşanyny döretmek asylly däbe öwrüldi. 2026-njy, ýagny bedew ýylyny döwrebap atlandyrmak boýunça gelip gowşan teklipleri nazara alyp «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edildi.

2026-njy ýyl ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew atlarymyz milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar. Watanymyzy ösüşleriň ýollary bilen ynamly öňe alyp barýan,  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Mart 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
23 24 25 26 27 28 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
21612658
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1940
14078
55292
411958
21612658

Siziň IP: 216.73.216.189
2026-03-05

Связь с нами