2025-nji ýylyň 12–14-nji oktýabr aýynyň aralygynda Monako Patyşalygynda Ýewropa we Merkezi Aziýanyň milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu çäre Monako Gyzyl Haçy tarapyndan, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň federasiýasynyň (IFRC) goldawy bilen guraldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) başlygy Maral Açilowa ýolbaşçylygyndaky delegasiýa gatnaşdy. Delegasiýa jemgyýetiň ynsanperwerlik ýagdaýlaryna jogap bermek, mümkinçilikleri pugtalandyrmak we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiň Esaslary ýörelgelerini ilerletmek boýunça tejribesini tanyşdyrdy.
Duşuşygyň maksady milli jemgyýetleriň ýolbaşçylarynyň arasynda strategik gepleşikler üçin meýdança döretmekden, tejribe alyşmakdan hem-de häzirki zaman ynsanperwer kynçylyklara jogap hökmünde ileri tutulýan ugurlary ylalaşmakdan ybarat boldy. Bu çäre hyzmatdaşlygyň dowamydyr we milli jemgyýetleriň işjeň hyzmatdaşlygyny hem-de bitewiligini berkitmäge gönükdirildi. Şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň Esasy ýörelgeleriniň 60 ýyllygyna aýratyn üns berildi. 45 döwletden bolan dürli milli jemgyýetden gelen gatnaşyjylar bu ýörelgeleriň häzirki döwürde-de ähmiýetini belläp geçdiler hem-de ynsanperwerlik, bitaraplyk we garaşsyzlyk ýaly gymmatlyklara ygrarlydyklaryny tassyk etdiler.
Sessiyalar çäginde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk, klimat üýtgemesiniň täsiri, saglygy goraýyş, guramaçylyk durnuklylygy, ýaşlaryň gatnaşmagy, sanly özgertme hem-de ynsanperwer diplomatiýanyň ösdürilmegi ýaly esasy mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti üçin bu duşuşyga gatnaşmak halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we adamynyň durmuşyny, saglygyny hem-de mertebesini goramaga gönükdirilen tejribe alyşmakda möhüm ädim boldy.
 

										
										
										
