Habarlar

1-nji oktýabr — Bütindünýä ýaşulular güni mynasybetli, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk  mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, welaýat häkimligi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, welaýatyň il sylagly ýaşulularyny we mährem enelerini gutlap, olaryň hormatyna dabaraly çäre geçirdi. Baýramçylyk çärelerinde hormatly ýaşululara we mährem enelere hoşallyk sözleri aýdyldy.  Olaryň jemgyýetimiziň jebisligine, ýaş nesli terbiýelemekdäki orny aýratyn bellenilýär. Şeýle hem ýaşlaryň ýaşululardan nusga almagy, milli gymmatlyklarymyzy täze nesillere ýetirmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu görnüşli çäreler ýaşululara goýulýan belent hormatyň, olaryň durmuşda tutýan beýik ornunyň hem-de jemgyýetimiziň ruhy berkdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Oktyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
25306328
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
16252
24649
536558
595677
25306328

Siziň IP: 216.73.216.146
2026-10-24

Связь с нами