Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) Katar Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti we Russiýanyň Gyzyl Haç topary bilen düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdi. Bu resminamalara GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Halkara Gyzyl Haç we Halkara Gyzyl Ýarymaý komitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen iki günlük maslahatynda gol çekildi.

Katar Gyzyl Ýarymaýy jemgyýetiniň orunbasary Ebrahim Haşim Al-Sada bu ylalaşygyň Ýakyn Gündogar we beýleki sebitleriň tejribesini ulanmak arkaly meýletinçilik ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň başlygy Pawel Sawçuk gol çekilen Ähtanamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine goşmaça itergi berjekdigini we göçme nokatlarynda işlemek üçin türkmen hünärmenlerini taýýarlamaga taýýardygyny aýtdy.

Iki günlük maslahatyň dowamynda, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, halkara ynsanperwer hukuklary, meýletinçileri çekmek we jemgyýet kanunçylygy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllyk dabarasynyň öňýanynda we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirildi, bu bolsa gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy.

 

 

 

 

May 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
22487270
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11216
15625
68061
430348
22487270

Siziň IP: 216.73.216.130
2026-05-05

Связь с нами