Habarlar

        2017-nji ýylyň 30-njy we 31-nji iýul aralygynda TGÝMJ-niň “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasynyň utgaşdyryjysy Mollaýew Guwanç we TGÝMJ-niň “DIPECHO IX” taslamasynyň utgaşdyryjysy Parahadow Serdar Täjigistan Respublikasynyň Sogdiýsk oblastynyň Gulistan şäherinde, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň gurnamagynda “Has howpsuz elýeterlik” mowzugy boýunça geçirilen sebitleýin okuw çäresine gatnaşdylar. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetlerniň işgärleri we meýletinçileri üçin parahatçylyk döwründe we ýaragly çaknaşyklar döwründe özlerini alyp barmagyň we parahat ilata ynsanperwerlik kömegini bermegiň düzgünleri boýunça, mundan başga-da Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý nyşanlaryny peýdalanmak we goramak barada okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapagynyň jeminde gurnaýjylar, TGÝMJ-niň işgärlerine okuw sapagyna erjel gatnaşandyklary üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

 

Oktyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
25297498
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7422
24649
527728
595677
25297498

Siziň IP: 216.73.216.146
2026-10-24

Связь с нами