Habarlar

1-nji sentýabrda biziň ýurdumyzda „Ýol howpsuzlygy-ömrüniñ rahatlygy“ aýy  başlandy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti her ýyl ilatyň dürli gatlaklarynyň arasynda ýol howpsuzlygy boýunça dürli çäreleri geçirýär. Harby ýol polisiýasy bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň harby artilleriýa bölüminde maglumat beriş köpçülekleỳin çäresi gurnaldy. Çärä hökmany harby gullugy geçýänler we serkerdeler  gatnaşdy. Mundan başga-da, ýol howpsuzlygy, ýol hadysalary ýüze çykan halatynda ilkinji kömek, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň kadalary, şahsy arassaçylyk, halkara ynsanperwer hukugy barada aỳdyp geçildi. Çäräniň ahyrynda maglumat beriş materiallary paýlandy: kitapçalar, plakatlar we başga görkezme esbaplary.

 

 

 

 

 

 

 

 

24138094
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5452
15263
382620
414784
24138094

Siziň IP: 216.73.217.176
2026-08-29

Связь с нами