Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň tejribeli hünärmenleri tomusky dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen aýratyn manyly duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň çäginde “Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermek” barada okuw sapagy guraldy. Okuw sapagynda çagalara dürli adatdan daşary ýagdaýlarda nädip hereket etmeli, ejir çeken adama nähili ilkinji kömek bermelidigi dogrusynda giňişleýin düşündiriş berildi. Tejribe böleginde bolsa, çagalar özleriniň öwrenen bilimlerini we başarnyklaryny görkezip, ilkinji kömegi ýerlikli we dogry bermegiň usullaryny synag etdiler. Bu görnüşli okuwlar diňe bir çagalaryň düşünjesini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň durmuşda ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňünde  güýçli, ynamynyň berk bolmagyna hem ýardam berýär. Şeýle  çäreleriň üsti bilen körpelerimiziň saglygyny goramak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler dowam etdirilýär.

 

 

 

 

May 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
22447936
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1512
13664
28727
430348
22447936

Siziň IP: 216.73.216.130
2026-05-03

Связь с нами