Habarlar

    Ýurdymyzda çagalar hakynda aladanyň Döwlet derejesinde alnyp barylmagynyň aýdyň mysaly hökmünde 2015-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Aşgabatda bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen “Türkmenabat şäherindäki mekdep –internatynda ýyladyşhanany gurmaklygyň üsti bilen maýyp çagalara hünär okuwlaryny geçirmek üçin muzdsuz Şertnamasyna” ikitaraplaýyn gol çekildi. Şertnamanyň esasynda Türkmenabat şäherindäki 5-nji mekdep –internatynda ýyladyşhana gurulyp, 2016-nji ýylyň oktýabr aýynda uly dabara bilen çagalara ulanmaga tabşyryldy.
   TGÝMJ-ti ýyladyşhanany diňe gurup tabşyrmak bilen çäklenmedi, Jemgyýetiň işgärleri onuň ulanyşy hakynda hem wagtly wagtynda habar tutup durýarlar. Häzirki wagtda mekdep-internatyyň çagalary ýyladyşhanada bakja öňümlerini ýetişdirmekligi ökde tälimçilerden öwrenýärler. Ýetişdirilen hasyl bolsa, mekdep-internadynyň çagalarynyň saçagyny bezeýär.

 

22328317
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8605
14565
339456
431495
22328317

Siziň IP: 216.73.216.12
2026-04-24

Связь с нами