Habarlar

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň Şabat etrabynyň wekili, meýletinçiler bilen bilelikde, 2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Şabat etrabynyň         46-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Ýagşylyk” mowzugy boýunça okuw sapagyny geçirdiler. Çagalarda mähirli bolmagy we daş-töweregindäkilere hormat goýmak ýaly häsiýetleri terbiýelemek iň irki ýaşdan başlanýandygyna biz ynanýarys. Şonuň üçin hem ahlakly terbiýe we töwerekdäki adamlara hormat goýmak mowzugy boýunça geçirilýän okuw sapaklaryna işjeň gatnaşýan ajaýyp okuwçylarymyz bilen buýsanýarys! Soňky hepdelerdäki geçirilen okuw sapaklarynda ýaş okuwçylarymyz gyzykly oýunlaryň, täsirli gürrüňleriň, terbiýe beriji wakalar arkaly olar edep-terbiýäniň, mähirliligiň we adamlar bilen nähili mylakatly bolmaklygyň wajypdygyny hem-de “altyn düzgünleriň” dünýäsi bilen tanyş boldular. Çagalar ulylara hormat goýmagy, hakyky dostlugy we goldaw bermek endiklerini, özünden kiçijiklerede hormat etmegi, şeýle-de “Jadyly sözleriň” — ýagny “sag bol”, “haýyş”, “bagyşlaň”, “salam” we “hoş gal” ýaly sözleriniň ähmiýetini öwrendiler. Sapagyň ahyrynda geçilen mowzugy berkitmek üçin “jadyly sözleri” gaýtalap, olary ulanmak endigini eýe boldylar. Çünki edep-terbiýäniň gözbaşy hut şu sözlerden başlanýar! Ahlak ýörelgelerini ösdürmek boýunça şu kiçijek ädimler — çagalarymyzyň hem-de jemgyýetimiziň geljegi üçin örän uly goşantdyr.

 

 

 

 

 

 

Mart 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
23 24 25 26 27 28 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
21645727
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6573
13843
88361
411958
21645727

Siziň IP: 216.73.216.189
2026-03-07

Связь с нами