Habarlar

2023-nji ýylyň 27-nji martynda TGÝMJ-ň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 97 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.

Bu dabara merkezi edaranyň ähli işgärleri, işjeň meýletinçileri, şeýle hem Türkmenistandaky Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekili Mihail Rahmanow gatnaşdy.

Dabara çäresine Halkara  federasiýasynyň Merkezi Aziýanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň sebit wekili Sewal Guzelkylynç onlaýn wideo görnüşinde gutlag iberdi. Mundan başgada TGÝMJ-ň welaýat bölüminiň wekilleri baýramçylyk dabarasyna onlaýn wideo arkaly gatnaşdylar.

Dabaranyň hormatly myhmanlary jemgyýetiň weteranlary Miroşnikowa Galina Sergeýewna we Lewaýa  Natalýa Tarasowna  jemgyýetiň taryhy barada, öz iş döwürleriniň ýagty ýatlamalary barada gürrüň berdiler we tejribeleri bien paýlaşdylar.

Dabara gatnaşat myhamanlary ýatlama sowgatlar bilen gutlanyldy.   

 

 

 

 

 

 

 

22294241
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2175
13864
305380
431495
22294241

Siziň IP: 216.73.217.44
2026-04-22

Связь с нами