Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň merkezi ofisinde  AIDS, inçekesel, gyzzyrma kesellerine garşy göreşýän bütindünýä Gaznasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasyndan gelen agzalarynyň gatnaşmagynda ýygnak geçirildi. Olar portfolio-menejeri Waleriýa Grişeçkina, halkara ekspertler Swetlana Nidzewska, Natali Maniç, Nino Mdiwani we Hanna Bolohowes.

TGÝMJ-niň hünärmenleriniň we halkara hünarmenleriň ýygnagynda Bütindünýä Gaznasynyň maliýe tarapyndan jogapkärçiliginde esaslanan inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak we ýaýramagyna garşy çäreleri görmeklik babatda bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. 2010-njy ýyldan bäri hereket edip gelýän bu bilelikdäki taslamanyň Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrligi we BMGÖM bilen bir hatarda TGÝMJ hem agzalarynyň biridir şeýle-de ol Bütindünýä Gaznasynyň grantyna mynasyp bolmak bilen taslamany durmuşa geçirmekde Saglygy  Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginiň ýakyn arkadaşy bolup hyzmat edýär.

 

 

Oktyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
25354820
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
15352
24625
585050
595677
25354820

Siziň IP: 216.73.216.246
2026-10-26

Связь с нами