Habarlar

2023-nji ýylyň 23-nji fewralyndan 27-nji fewral aralygynda (YUNICEF) BMG- nyň Çagalar Gasnasynyň Türkmenistandaky  wekilhanasynyň  gurnamagyna TGÝMJ-niň işgärleri “Adatdan  daşary ýagdaýlarda çagalaryň goragy ” atly dört günlük okuw türgenleşigi geçirildi.

Biu çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we beýleki şäher we welaýat hakimlikleriniň işgärleri çagyryldy.

Dört okuw türgenleşiginiň dowamynda tälimçiler adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaray goramagyň gumanitar aksiýalary esasynda milli we halkara ülňüleri bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramagyň sosiýal-ekologiki görnüşiniň konsepsiýalaryna seredildi.

(YUNICEF) BMG- nyň Çagalar Gasnasynyň Türkmenistandaky  wekilhanasynyň hünärmeni Furkat Lutfulloýewiň pikirine görä Türkmenistanda Çagalary goramak boýunça kanun kodeksleri dünýä ülnelerine läýyk gelýär.

Şeýle hem Furkat Lutfulloýew beýleki ministrlikler we guramalar bilen utgaşdyrylyp alnyp barylsa uly derejelere ýetiler diýip belläp geçdi.

 

 

Oktyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
25349682
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10214
24625
579912
595677
25349682

Siziň IP: 216.73.216.246
2026-10-26

Связь с нами