Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan 2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda welaýatyň “Daşoguz” myhmanhanasynda, welaýat bölüminiň hyzmatdaşlarynyň, işewür agzalarynyň we meýletinçileriniň gatnaşmagynda işçi duşuşygy geçirildi. Jemgyýetiň welaýat bölüminiň düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş we bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşan bu çäresinde welaýat bölüminiň hünärmenleri çykyş edip, öz işlerinde ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan jemgyýetiň taryhy we ýylyň dowamynda alnyp barylýan köptaraply işler dogrusynda gürrüň berdiler.     Işçi duşuşyga gatnaşyjylar özara sorag jogap alyşdylar, welaýat bölümine degişli birnäçe meseleleriň üstünde durup geçdiler, geljekde-de welaýat bölümi bilen bilelikde hyzmatdaşlygy saklap ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleri aýdyňlaşdyryp ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen ençeme ilşeri meýilleşdirdiler. Şeýle hem, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri çykyş edip, jemgyýetiň ynsanperwerlik ulgamynda alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltmek babatda degerli maslahatlary berip, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerimizde üstünlik arzuw etdiler.

 

 

Iyun 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
23301072
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9796
15234
427227
454636
23301072

Siziň IP: 216.73.216.253
2026-06-28

Связь с нами