BAŞ SAHYPA

2026-njy ýylyň 16-njy martynda Türkmenabatyň harby lukmançylyk bölüminde Lebap welaýatyň Türkmenistan Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň işgärleri bilen bu bölümde gulluk edýän esgerleriň we ofiserleriň bilen bilelikde ýygnak geçirildi.Serkerdeler we esgerler bilen geçirilen duşuşykda, Türkmenistanyň Lebap welaýat Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Halkara Ynsanperwerlik Hukugy boýunça hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň nämedigini, Milli Jemgyýetiň nähili işleýändigini, Anri Dýunanyň kimdigini we jemgyýetimiziň nähili döredilendigini düşündirdi.Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş we Durmuş üpjünçilik bölümçesiniň hünärmeni jemgyýetimiziň ynsanperwerlik ugruny düşündirdi we Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermeginiň esaslaryny görkezdi. Serkerdeler we esgerler bu duşuşyga uly gyzyklanma bildirdiler, köp sorag berdiler,  kitapçalary we broşýuralary soradylar. Harby bölümiň ofiserleri esgerleriň gözýetimini giňeltmek üçin şuňa meňzeş ýygnaklaryň geçirilmegini islediler.

 

 

p>

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
21936668
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4072
13292
379302
411958
21936668

Siziň IP: 216.73.216.6
2026-03-28

Связь с нами