BAŞ SAHYPA

18-nji martda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri dünýäde Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň nähili dörändigini beýan edýän sahnalaşdyrylan kompozisiýany hödürlediler. Bu çykyşa Halkara hukugy fakultetiniň takmynan 100 talyby tomaşa etdi. Çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Ynsanpwerlik ugurda Milli jemgyýetiň kömekçi ornuny goldamak” atly taslamasynyň çäginde geçirildi. hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlandy.             Sahnanyň wakalary 1859-njy ýylda Solferino söweşinde bolup geçýär. Şol döwürde söweş meýdanynda fransuz, sardiniýa we awstriýa goşunlary garşylykly söweş edýärdi. Sahnanyň baş gahrymany — şweýsariýaly raýat, telekeçi Anri Dýunanyň özi bolsa söweş meýdanyna tötänden düşýär. Ol ganly söweşiň şaýady bolup, biperwaý geçip bilmeýär. Anri Dýunan üç goşunyňam ýaralananlaryna kömek bermäge gatnaşýar. Ol oba ilatyny birleşdirip, olary “özümiz” we “başgalar” diýip bölmezden, ähli mätäçlere kömek bermäge çagyrýar.  Hut onuň bu ýokary ynsanperwer hereketi bitaraplygy saklap, ähli mätäçlere kömek edip biljek ynsanperwer hereketiň döremegine itergi berdi.     Çykyşyň başynda söz başy hökmünde aýdylan Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine bagyşlanan goşgulary tutuş sahnalaşdyryşa aýratyn ruh berdi:

“Haçan we nirede diýip sorama —

Elmydama, ähli ýerde ýagşylyk et!”

Sahnada meýletinçiler Dýunanyň egindeşleriniň, onuň tarapyndan döredilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň agzalarynyň keşbinde çykyş edip, dünýäde adamlaryň ejirlerini ýeňilleşdirmäge gönükdirilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň ýedi esasy ýörelgesini beýan etdiler: ynsanperwerlik, tarap çalmazlyk, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeke-täklik, köptaraplylyk.

Sahnalaşdyrylan kompozisiýa “Rehimdarlyk we ýagşylyk” atly aýdym bilen tamamlandy we ol ähli gatnaşyjylary ruhlandyrdy.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri tarapyndan ýazylan bu sazly-şygyrly sahna gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy hem-de mugallymlar bilen talyplaryň arasynda uly täsir galdyrdy.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Aprel 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
22114472
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12151
13836
125611
431495
22114472

Siziň IP: 216.73.216.6
2026-04-09

Связь с нами