BAŞ SAHYPA

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti tarapyndan guramanyň zenan işgärlerini hormatlamak dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk ruhunda geçen çärede guramanyň ýolbaşçylygy zenanlara ýokary hünär ussatlygy, yhlasly zähmeti we Jemgyýetiň ynsanperwerlik maksatly işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşýan möhüm goşantlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Zenanlaryň rehimdarlyk, alada we jogapkärçilik ýaly gymmatly häsiýetleriniň jemgyýetiň ynsanperwer işlerinde aýratyn ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.

Dabaranyň dowamynda zenan işgärlere bahar gülleri we Hormatly Prezidentimiziň adyndan berlen sowgatlary gowşuryldy. Olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, döredijilik üstünlikleri hem-de jemgyýetiň ynsanperwer maksatlaryna hyzmat etmekde täze üstünlikler arzuw edildi.

Bu çäre zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna we olaryň ynsanperwer işlerde ýerine ýetirýän möhüm wezipesine goýulýan ýokary hormatyň nyşanyna öwrüldi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
21799293
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6047
13079
241927
411958
21799293

Siziň IP: 216.73.216.6
2026-03-18

Связь с нами