BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri Daşoguz şäheriniň B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary bilen bilelikde,  8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk çykyşlary, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary gatnaşyjylara ruhubelentlik paýlady. Şeýle hem gelin-gyzlara bagyşlanan gutlag sözleri aýdylyp, olaryň jemgyýetdäki orny we ähmiýeti barada nygtalyp geçildi. Baýramçylyk çäresinde zenanlara goýulýan hormat-sarpa, olaryň maşgala ojaklarynyň bagtyýar bolmagyndaky we jemgyýetimiziň ösüşindäki möhüm roly aýratyn bellenip geçildi. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda sylag-hormat, hoşniýetlilik hem-de milli däp-dessurlara sarpa goýmak ýaly gymmatlyklary ösdürmäge ýardam berýär. 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
21726975
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4919
14742
169609
411958
21726975

Siziň IP: 216.73.216.159
2026-03-13

Связь с нами