BAŞ SAHYPA

Howa köplenç garaşylmadyk ýagdaýlary döredýär: güýçli ýel, güýçli yssy ýa-da birden ýagýan ýagyş. Bu üýtgeşmeleriň sizi kynçylyga salmazlygy we geň galdyrmagynyň öňüni almak üçin Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri mekdep okuwçylary üçin "Tebigatyň kynçylyklaryna taýýar boluň!" şygary astynda peýdaly duşuşyklary gurnadylar.

Bu okuwçylar bilen geçirilen nobatdaky çärämiziň üýtgeşikligi okuwçylaryň diňe bir meýletinçileri diňläp oturmakdan daşary özleriniň hem pikir-oýlary bilen paýlaşmagy, durmuşda çaknyşyp biljek tebigy hadysalarda özleriniň özüne we daş-töweregindäkilere edip biljek kömekleriniň mümkinçiliklerini teklip etmekleri bilen tapawutlandy.

Çärede goýulan möhüm soraglaryň içinde:

  • Eger irden gün şöhlesi düşse, ýöne günortan harasat garaşylsa, nähili geýinmeli?
  • Eger daşarda güýçli ýel bilen çaknyşsaňyz, nirede gizlenmeli?
  • Halas edijilerden gelen SMS-lere nähili jogap bermeli we ilki näme etmeli?

Uzyn leksiýalaryň ýerine biz göni aragatnaşyk hödürleýäris. Meýletinçiler kyn ýagdaýlarda nädip hereket etmelidigini görkezmek üçin aýdyň mysallary ulanýarlar. Çagalar özlerine we biri-birine kömek etmegi, asuda bolmagy we dogry kararlary kabul etmegi öwrenýärler.

Meýletinçiler çäräniň soňunda okuwçylar bilen geçirilen söhbetdeşligiň üsti bilen olaryň ýatda galan esasy maglumatlary bilen gyzyklandylar.

Tebigat dürli-dürli bolup biler, ýöne näme etmelidigini bilseňiz, islendik gezelenç howpsuz bolar. Meýletinçiler çagalara howa maglumatynyň çaklamalaryna üns bermegi we hemişe özlerinde  ätiýaçlyk meýilnamasynyň bolmagyny öwretdiler.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bu gyzykly çäräni şeýle şözler bilen tamamlamagy makul bildiler:

“Ýadyňyzda saklaň: howpsuzlygyňyz öz eliňizde. Biz bilen islendik howa hadysasyna taýýar boluň!”

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
21726980
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4924
14742
169614
411958
21726980

Siziň IP: 216.73.216.159
2026-03-13

Связь с нами