BAŞ SAHYPA

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Alada ýaşlar merkeziniň meýletinçileri  çagalar üçin kanselýariýa harytlaryny ýygnamak  kampaniýasyny gurnady.

Kampaniýa şu ýyl ilkinji gezek mekdebe gitjek 10 sany birinji synp okuwçysyna kömek berdi. Meýletinçiler her bir çaga üçin okuw esbaplarynyň doly toplumyny taýýarladylar: täze sumkalar, gündelikler, depderler, ruçkalar, galamlar we beýleki zerur okuw esbaplary.

20-nji awgustda Alada ýaşlar merkeziniň meýletinçileri çagalara  sowgatlary gowşurdylar. Duşuşyk mähirli we dostlukly ýagdaýda geçirildi. Çagalar alan sowgatlaryndan hoşal boldular, täsirlerini paýlaşdylar we okuw ýylynyň başynda gutlaglary ýylgyryş bilen kabul etdiler.

Bu başlangyç, Gyzyl Ýarymaý meýletinçileriniň üns we goldawa mätäç çagalar üçin eden gowy işleriniň  ýene bir mysaly boldy.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Sentyabr 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
19297352
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13614
14512
13614
261565
19297352

Siziň IP: 216.73.216.128
2025-09-01