21-25-nji awgustynda ýolbaşçy zenanlaryň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň hoşniýetlilik, dostluk we hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar köp sanly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesi boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň gazanan möhüm şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem türkmen-hytaý dostlugyny berkitmäge aýratyn üns berildi.
Gepleşiklere gatnaşyjylar aýal-gyzlary we çagalary goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ŞHG komitetiniň Türkmenistan bilen hökümete dahylsyz alyş-çalyş meselesinde hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky işine garaldy.
Ýolbaşçy zenanlaryň duşyşyklarynyň biri bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Gyzyl Haç jemgyýetinde duşuşyk gurnaldy. Bu duşuşyk iki ýurdyň jemgyýetleriniň bähbidi üçin möhüm wakalaryň biri bolly. Hytaý Gyzyl Haç jemgyýeti we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiň arasynda iki taraplaýyn Ylalaşyk taýýarlandy. Jemgyýetler özara Ylalaşyk esasynda Meýletinçiligi ösdürmek ugry, Ilkinji kömek bermek ugry, Adatdan Daşary ýagdaýlar taýýarlyk ugurlary boýunça soňky döwrebap ösüş ugurlary boýunça işleşmäge taýýardyklaryny aýdyşdyllar.