Her ýylyň 19-njy awgustynda halkara jemgyýetçiligi Bütindünýä ynsanperwerlik gününi belleýär. Bu sene 2008-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan krizis ýagdaýlarynda adamlara kömek etmäge ömrüni bagyşlan ynsanperwer işgärleriň hatyrasyna hem-de dünýäniň dürli künjeklerinde bu möhüm wezipäni dowam etdirýänleriň hemmesine minnetdarlyk hökmünde yglan edilipdi.
Ynsanperwer kömek diňe bir azyk, derman-däriler we ilkinji zerurlykdaky serişdeleri ýetirip bermekden ybarat däldir. Bu raýdaşlygyň, mähir-muhabbetiň we ýüze çykan ýagdaýynda ýardam bermäge taýýarlygyň beýanydyr. Munuň üçin ýurt, millet ýa-da din tapawudy ýokdur.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň bir bölegi hökmünde, kömege mätäçlere her gün öz goşandyny goşýar. Biziň işgärlerimiz we meýletinçilerimiz ynsanperwerlik, bitaraplyk, garaşsyzlyk we adalatlylyk ýörelgeleri esasynda işleýärler. Olar adatdan daşary ýagdaýlarda goldaw berýärler, jemgyýetleriň durnuklylygyny berkidýärler we adam mertebesini goramaga ýardam edýärler.
Bu gün biz kynçylyklar we howplar bardygyna garamazdan, iň agyr ýagdaýlarda hem adamlara kömek etmegini dowam etdirýän ähli ynsanperwer işgärlerine we meýletinçilere çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris.
Kömek – dünýäni birleşdirýän güýçdür.