BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleriniň we meýletinçileriniň arasynda Hormatly Prezidentimiziň  “Ýaşlar – Watanyň daýanjy”  atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy we “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli tegelek stol maslahaty geçirildi. Dabaranyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, kitabyň  ösüp gelýän ýaşlar üçin şeýlede, ähli türkmen raýatlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygy barada aýdyp geçdiler.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
10750722
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11660
19493
576185
633013
10750722

Siziň IP: 18.207.129.175
2024-02-29