BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň mejlisler zalynda maslahat geçirildi,onuň esasy mowzugy bosgunlar köpçülikleýin gelen halatynda halkara ülňülerine laýyklykda adatdan daşary ýagdaýlaryna jogap çärelerini görkezmekden ybaratdy.

Bu maslahat, Türkmenistan döwletiniň  bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça agentligi  2023-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde gurnaldy, bu Adatdan daşary ýagdaýlarda bosgunlaryň köpçülikleýin akymy bilen bagly hadysalara halkara kadalaryna laýyklykda jogap çäreleri görmek boýunça okuw maslahatydyr.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň, Adalatçynyň diwany, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, “Keyik Okara” jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri, BMG-nyň rezident koordinatorynyň edarasy,BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNISEF), Birleşen Milletler Guramasyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA), IOM, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy , BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkezi, BMG BBÝKM-ty seminara gatnaşmaga çagyryldy. 

Okuw maksatnamasy bosgunlar adatdan daşary ýagdaýlary netijeli dolandyrmak üçin zerur bolan köp sanly ugurlary, şol sanda halkara kadalarynyň goralmagynyň esasy ýörelgelerini, töwekgelçilikleri seljermek we gözegçilik etmek we global ynsanperwerligi utgaşdyrmak ugurlaryny öz içine alýar. Şeýle hem maslahada gatnaşyjylara adatdan daşary ýagdaýlary we gyzyklanýan taraplary utgaşdyrmak we tagallalar arkaly gazanylan pikirleri, strategiýalary we tejribeleri paýlaşmak üçin platformany üpjün etdi.

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
13653083
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8712
18716
502961
581236
13653083

Siziň IP: 18.116.8.41
2024-07-27