BAŞ SAHYPA

22-nji noýabrda, BMG-niň BBÝKM-iň (UNHCR) Gazagystan, Gyrgyz, Türkmenistan we Täjigistan boýunça wekilhanasy wekilleriniň gatnaşmagyna “Raýatsyzlygy bolmadyk adamlary kesgitlemek bilen bagly amallar boýunça” okuw maslahaty geçirildi. .

Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň  Döwlet migrasiýa gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, TGÝMJ, “Keyik Okara” jemgyýetçilik guramasynyň we BMG BBÝKM-iň wekilleri gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar 1954-nji we 1961-nji ýyllaryň raýatlygy bolmadyk konwensiýalarynyň kadalaryna laýyklykda raýatlygy bolmadyk adamyň ýagdaýyny kesgitlemegiň prosedurasynyň esasy taraplary we prosessual kepillikleri  bilen has tanyş boldular. Beýleki ýurtlarda bar bolan täsirli tendensiýalar we öňdebaryjy tejribeler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, seminar Türkmenistanda raýatsyzlygyň ýagdaýyny kesgitlemek prosedurasynyň amaly ýerine ýetirilişi barada maglumat almak we gatnaşyjylaryň we bilermenleriň arasynda toplanan tejribe we bilimleri paýlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik berdi.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
13654579
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10208
18716
504457
581236
13654579

Siziň IP: 18.118.140.155
2024-07-27