BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tomus möwsüminiň dowam edýän günlerinde Daşoguz welaýatynyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen möhüm wagyz-nesihat çärelerini geçirdiler. Bu çäreleriň esasy maksady – howanyň üýtgemegi sebäpli howanyň aşa gyzýan döwründe çagalaryň saglygyny goramak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boldy. Welaýat bölüminiň hünärmenleri çagalary günden goranyş usullary bilen tanyşdyrdylar: ýokary derejede gyzgynlykda köpräk arassa suw içmegiň, sowugyrak suwa düşmegiň, el-ýüzuñ ýuwmagyň peýdalary, öýden daşary çykanda hökmany suratda günden gorar ýaly kellelerine ýaglyk ýa-da yazda geýilýan papak geýmegiň we saýawan götermegiň zerurdygy çagalara düşündirildi. Çagalaryň gyzyklanma bilen diňlän bu wagyz-nesihat sapaklary olaryň gündelik durmuş endiklerine uly täsirini ýetirdi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa geljekde ýaş nesliň sagdyn we habarly ösmegine öz goşandyny goşýar.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
18903816
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11322
12284
185163
468293
18903816

Siziň IP: 216.73.216.213
2025-07-14