BAŞ SAHYPA

2023-nji ýylyň 15-22-nji noýabr aralygynda Täjigistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň utgaşdyryjysy, HGHK wekili Murodjon Soliýew Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap we Mary welaýatlarynyň bölümlerinde, şeýle hem TGÝMJ-nyň Merkezi edarasynda duşuşyklary geçirdi. Sapar wagtynda HGHK wekili Milli jemgyýetiň işgärleri we meýletinçileri bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň esasy ýörelgeleri we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk işleri bilen tanyşmak üçin duşuşyk we okuw sapaklary geçirdi. Duşuşyklaryň mowzuklary ilkinji kömek tejribelerini paýlaşmagy we işgärler üçin Özüňi alyp barmagyň kadalaryny ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
13652974
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8603
18716
502852
581236
13652974

Siziň IP: 3.148.145.97
2024-07-27