Habarlar

Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 9-njy noýabrda ýurdumyzyň gözel künjegi bolan, “Aşgabat” seýilgähinde her ýylda geçirilýän “Biz dürli – biz deň” festiwaly geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan guralan bu çäre, döwlet we jemgyýetçilik işgärlerini, hususyýetçilik toplumynyň agzalaryny, ýaşlary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini bir ýere jemledi. Festiwala gatnaşyjylar dürli sport çäreleriň, aýdym-sazly çykyşlaryň we döredijilikli görkezme sapaklarynyň şaýady boldular.

Festiwalyň resmi açylyşy dabaraly ýagdaýda geçirildi. Onda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, BMG-nyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy çykyş etdiler. Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýaş ilçileri alyp baryjy hökmünde gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň wekilleriniň aýdym-sazly çykyşlary myhmanlar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.

Festiwalyň guramaçylygynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň hem uly orny bar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň meýletinçileri we agzalary çagalar zolagyny döretdiler. Ol ýerde çagalara origami, kwilling we şekillendiriş sungatyndan görkezme sapaklary geçirildi. Çagalar bu zolakda diňe bir öz wagtlaryny hoş geçirmän, eýsem, dürli bäsleşiklere gatnaşyp öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge we sowgatlara eýe bolmaga mümkinçilik döredildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň kömegi bilen bu zolak çagalarda şagalaň we baýramçylyk duýgusyny oýardy we olar ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirdiler.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15720746
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6454
14282
71141
430988
15720746

Siziň IP: 18.97.14.88
2024-12-06