BAŞ SAHYPA

Şu gün 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 09-na Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat şäher häkimliginiň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi diýseň köp myhmana gapysyny açdy. Tomusky dynç alyş möwsüminiň 1-nji tapgyrynda ol ýerde dynç alýan çagalar üçin olaryň wagtlaryny has-da täsirli, şadyýan geçirmekleri üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, Lebap welaýat raýat goranyş we halas ediş müdirliginiň bilelikde gurnamagymyzda    sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek bilen özleriniň saglygyny goramak, köptaraplaýyn bilim başarnyklaryny kämilleşdirmek we tejribelerini paýlaşmak maksady bilen “Ýaş halasgär” ady bilen şowhunly bäsleşik geçirdik. Dynç almaga gelen çagalardan düzülen “Güneş”, “Güller”, “Dostluk” we “Bürgüt” toparlary bäsleşigiň meýilnamasyna laýyklykda her topar öz atlary bilen tanyşlyk geçirmek, adatdan daşary zäherli howa ýagdaýy dörände gaza garşy enjamy dogry we çalt geýmek, ýertitremesi bolan ýagdaýda zerur bolan ätiýaçlyk çemodanyny (torbasyny) toplamak, döwülen ýere seýik goýmak, kada laýyk sargy etmek, suwda ýüzmek, suwda gark bolana ilkinji kömegi bermekligiň düzgünleri we degişli ugurlar boýunça ýörite taýýarlanan sowalnamalara dogry we takyk jogaplary bermekde bäsleşip ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň soňunda göreldeli çykyş eden we ustünlik gazanan toparlara ýörite taýýarlanan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri, lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň kadalary, meýletinçiligi ösdürmek, ýangyn howpsuzlygy, ýol hereket kadalaryny berjaý etmek, maşgala mukaddesligi ýaly maglumat beriji gollanmalar çagalara paýlanyldy. Hünärmenleriň parahat ýurdumyzda çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn kemala gelmekleri, döwrebap ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, sagdyn-durmuş ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermekleri üçin döredilýän mümkinçilikler barada eden wagyz-ündew çykyşlary bolsa çagalar üçin juda täsirli boldy.

  

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
1 2 3 4 5 6 7
8 9 10 11 12 13 14
15 16 17 18 19 20 21
22 23 24 25 26 27 28
29 30 1 2 3 4 5
23218955
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4436
15869
345110
454636
23218955

Siziň IP: 216.73.216.69
2026-06-23

Связь с нами