Ýurdumyzda ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, Daşoguz welaýatynda nobatdaky möhüm tälim beriş okuwy üstünlikli geçirildi. Daşoguz welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de degişli döwlet edaralarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu okuw Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýaýbaňlandyryldy. 2026-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda geçirildi. Tälimiň esasy maksady — adamlaryň Türkmenistana mejbury ýagdaýda köpçülikleýin göçüp gelen ýagdaýlarynda, olara wagtlaýyn gorag bermek bilen bagly ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary netijeli aradan aýyrmakdan ybarat boldy. Okuwyň dowamynda halas ediş gulluklarynyň işgärleri bilen bir hatarda, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri hem işjeň gatnaşyp, özleriniň taýýarlyk derejesini görkezdiler. Olar çylşyrymly ýagdaýlarda çalt we takyk hereket etmegiň usullaryny iş ýüzünde synagdan geçirdiler. Şeýle-de degişli edaralaryň arasynda utgaşykly iş alyp barmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Geçirilen çäre diňe bir tejribe alyşmak üçin däl, eýsem geljekde ýüze çykyp biljek howplara öňünden taýýarlyk görmek babatda hem uly ähmiýete eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ygtybarly üpjün edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.







