BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Gyzyl Ýarymaýyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi. Şol çäreleriň çäklerinde Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde "Ynsanperwerlik ýoly" atly tegelek stol işçi duşuşygy guraldy. Duşuşyga welaýat bölüminiň işjeň agzalary, işewür hyzmatdaşlary hem-de meýletinçileri gatnaşdylar. Tegelek stoluň dowamynda ynsanperwerlik işleriniň ähmiýeti, meýletinçilik hereketiniň ösüşi we jemgyýetçilik goldawynyň güýçlendirilmegi barada täsirli çykyşlar edildi.                                                                                                 Işçi duşuşykdan soňra gatnaşyjylar ýaş suratkeşleriň çeken suratlarynyň sergisini synladylar. Bu sergi ýaş nesliň döredijilik ukybyny, olaryň watançylyk duýgularyny we parahatçylyk söýüjiligini aýdyň görkezdi. Şeýle hem çäräniň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ulanylýan enjamlaryň, wagtlaýyn ýaşaýyş üçin niýetlenen çadyrlaryň we ilkinji kömek bermek boýunça serişdeleriň sergisi guraldy. Bu bolsa ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmekde taýýarlygyň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady. Mundan başga-da, baýramçylyk çäreleri Daşoguz şäheriniň B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde dowam etdirildi. Bu ýerde geçirilen dabaraly çäreler gatnaşyjylara ýakymly täsir galdyryp, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň jemgyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini görkezdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Aprel 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
21995387
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6526
13631
6526
431495
21995387

Siziň IP: 216.73.216.6
2026-04-01

Связь с нами