BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredildi. 1991-nji ýyla çenli TGÝMJ-i öz işini SSSR-ň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri birleşiginiň düzüminde amala aşyrdy. 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen TGÝMJ-i Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň esasgoýujy ýörelgelerine (ynsanperwerlik, tarapçalmazlyk, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeketäklik, köptaraplylyk ugrunda öz işini amala aşyrýar. 1995-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň durnukly 164-nji agzasy boldy.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly              35 ýyllygy baýramçylygynyň öň syrasynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň agzybir işgärleri şeýle hem myhmanlar Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň şanly 100 ýyllygyny uly buýsanç bilen garşylaýar. Ine şu gün ajaýyp pursat sebäbi 2026-njy ýyl Türkmenistan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylydyr. Biz şu jemgyýetiň zähmet çekýän işgärleridigine begenjimiz çäksizdir. Bu ugurda Lebap welaýat bölüminiň işgärleri mundan beýläk-de TGÝMJ-ň Tertipnamasyna we Düzgünnamasyna laýyklykda köp taraply işleriniň gerimini giňeltmäge hem-de durmuşa ornaşdyrmaga özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys. Biz adam ynsanyna jemgyýetimiziň ynsanperwer ugurlaryna eýerip, egin-egine berip hemişe işlemäge hyjuwymyzy artdyrarys. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň agzybir  işgärleriň, meýletinçileriň we edara-guramalardaky zähmet çekýän işgärleriň, Milli jemgyýetiniň agzalarynyň şeýle hem myhmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenabat şäheriniň Merkezi medeniýet öýünde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda gatnaşýan degişli wekiller tarapyndan baýramçylyk gutlag sözleri aýdyldy. Şu pursatda öz adymdan we işgärleriň, meýletinçileriň adyndan merkezimiziň agzybir işgärlerini gatnaşýan wekilleri, meýletinçileri şeýle-de TGÝMJ-niň Arkadag şäheri, Ahal, Balkan, Mary, Daşoguz welaýat bölümlerindäki egindeşlerimizi bu baýramçylyk mynasybetli mähirli gutlaýaryn! Sözümiň soňunda bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Aprel 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
21996352
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7491
13631
7491
431495
21996352

Siziň IP: 216.73.216.6
2026-04-01

Связь с нами