BAŞ SAHYPA

2026-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabat şäheriniň 5, 9, 40, 136-njy we A.S.Puşkin adyndaky orta mekdeplerinde raýat goragy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek boýunça tematik sapaklar geçirildi.

2026-njy ýyl üçin tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda, jemi 600 okuwçy mugallymlar bilen bilelikde mejlisler zalynda ýygnandy we sapaklary diňlemek bilen çäklenmän, tebigatda döräp biläýjek adatdan daşary ýagdaýyna ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin ýygnanşdylar.

Türkmenistanyň Raýat goragy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmeni örän netijeli, peýdaly sapak geçirdi. Okuwçylar şulary öwrendiler:

  • Binadan ewakuasiýa etmek düzgünleri;
  • çöldäki tozanly-tupan, ýel we güýçli ýagyň wagtynda özüňi alyp barmak;
  • ýangynyň öňüni almak we ot söndüriji enjamlary dogry ulanmak.

Aýratyn ýatda galan zat — ýer titremesini öňünden çaklamak mümkin däldigi, şonuň üçin esasy bilinmeli — rahatlygy saklamak we hereketleriň algoritmini anyk bilmekdigi baradaky sözler boldy.

Türkmenistanyň Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň başlygy duşuşygy «Birinji kömek endikleri we özüňi goramak düzgünleri» atly möhüm tema bilen dowam etdirdi. Ol sapaklara gatnaşyjylara şular barada gürrüň berdi:

  • Adatdan daşary ýagdaýlaryň görnüşleri we bolup biljek zyýanlary;
  • güýçli ýer titremesi wagtynda nähili hereket etmeli — sekuntlar çözgüt berýär;
  • zeper ýetenlere kömek bermek;
  • Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň adatdan daşary ýagdaýlarynyň dörän wagtynda ilkinji bolup ynsanperwer kömegine gelýändigi maksady barada.

Her çykyş gyzykly mysallar, okuwçylaryň soraglary we amaly maslahatlar bilen bilelikde geçirildi. Bu sapaklar çagalary ynamly, jogapkärli we islendik ýagdaýa taýýar bolup ýetişmegine kömek edýär.

Şeýle duşuşyklar diňe bir sapak däl-de, çagalary howpsuz we bagtly geljegine goşulýan uly goşandydyr. Sebäbi şu gün alýan bilimleri-ertir öz durmuşyny we ýakynlarynyň durmuşyny halas edip biler.

Howpsuzlyk, asudalyк, bilim — häzirki zaman türkmen mekdebiniň esasy ugurlary!

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Mart 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
23 24 25 26 27 28 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
21581861
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11908
12587
24495
411958
21581861

Siziň IP: 216.73.216.15
2026-03-02

Связь с нами