BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda  Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde hem, “Adatdan daşary ýagdaýlarynda tebigy betbagtçylyklarda heläkçilige uçranlara berilmeli ilkinji kömegiň düzgünleri barada ” okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy  mekdebiň VI synplarynyň arasynda geçirildi. Adatdan daşary ýagdaýda mekdepde ýer titreme hadysasynyň ýüze çykan mahaly diňe bir özüňi däl, eýsem, synpdaşlaryna hem kömek edip bilmek maksady bilen öwredildi. Oňa meýletinçiler, mugallymlar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň gazananlaryny gorap saklamak, geljek nesillere gadyr-gymmaty bilen ýetirmek biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
20897198
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12667
18171
357293
426604
20897198

Siziň IP: 216.73.216.29
2026-01-18

Связь с нами