BAŞ SAHYPA

Yakynda  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý  Milli jemgyýetiniň  Esenguly etrap şahamçasyndaky wekili we meýletinçileri tarapyndan, 2026-njy ýyl ,,Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at- myradyň mekany“ ýyly mynasybetli halkyň saglygyny goramak maksady bilen etrapda hereket edýän edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda ,,Lukmandan deslapki ilkinji kömek bermekligiň kadalary” boýunça okuw öwrediş sapagy  işjeň ýagdaýda  geçirildi. Geçirlen çäre  işgärleriň arasynda uly gyzyklanma döretmek bilen olaryň öz  aralarynda pikir alyşmaklyga pursadyny  döretdi.

         Hormatly  Akadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy  bilen  mynasyp  ada  eýe  bolan  2026-njy  ýylyň  her  bir gününiň  uly ösüşlerdir – özgertmelere  beslenendigine ýürekden uýýan  bagtyýar   raýatlarymyz  bilen  bilelikde  ýaşlarymyz  hem  döwür  bilen  deň  gadam  urýarlar. Ýaş meýletinçilermiz hem ,,Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany“ ýylynyň  her  bir  gününi  uly üstünliklere  beslemegi  niýet edinýärler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
20897209
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12678
18171
357304
426604
20897209

Siziň IP: 216.73.216.29
2026-01-18

Связь с нами