Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Alada” Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Balkanabat şäherindäki internat mekdebiniň terbiýelenjileri üçin haýyr-sahawat Täze ýyl dabarasyny geçirdiler.Bu geçirilen çäre çagalara şatlyk, mähir we şowhun Täze ýyl täsinligini peşgeş bermek maksady bilen guraldy. Geçiriljek baýramçylygyň taýýarlygy öňünden başlandy.
Meýletinçiler serişde toplamak işlerine işjeň gatnaşdylar, munuň netijesinde çäräni guramak we süýjilik sowgatlary satyn almak üçin zerur bolan serişdeleri toplamagy başardylar.Kiçi toparyň çagalary, şeýle hem internadyň ähli terbiýelenjileri üçin süýjilik sowgatlaryny taýýarlamak babatynda aýratyn üns berildi.
Täze ýyl baýramçylyk dabarasy geçirilen güni meýletinçiler mähirli, ýürekden aýdylan gutlaglary bilen çagalary garş aldylar.Çagalar býramçylyk çäresiniň maksatnama laýyklykda uly höwes bilen gatnaşyp, sowgatlaryny şatlyk-şowhun bilen kabul etdiler we öz begençli duýgulary bilen zaly mähir,hoşniýetlilik we jadyly baýramçylyk ruhy bilen doldurdylar.
Geçirilen çäre, agzybirlik tagallalaryň netijesinde, çagalar üçin nä derejede uly şatlyk we alada döredip bolýandygyny aýdyň görkezdi.
<< Alada >> Ýaşalar merkeziniň meýletinçileri geljekde-de öz haýyr-sahawat işlerini dowam etdirmegi we ösüp gelýän ýaş nesil goldamaga hem-de ösdürmäge goşant goşmagy meýilleşdirýärler.




