BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri tarapyndan Bütindünýä çagalary goramak güni mynasybetli Daşoguz şäheriniň                36-njy çagalar bakja-bagynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede körpeleriň bagtyýar çagalygyny dabaralandyrýan çykyşlara giň orun berildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda meýletinçiler tarapyndan taýýarlanan körpeler milli lybaslarda çykyş edip, aýdym-sazlary, şirin tanslary hem-de täsirli sahna çykyşlary bilen gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdylar. Körpeleriň şadyýan keşbi, olaryň ukyp-başarnyklarynyň açylmagy we döredijilik mümkinçilikleriniň görkezilmegi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle hem çäräniň ahyrynda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan körpelere süýjülik sowgatlary gowşurylyp, olaryň ýüzlerinde şatlyk duýgulary emele geldi. Şeýle çäreler ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ösüp-ulalmagyna, olaryň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmagyna we watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine uly ähmiýet berýär.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
22902373
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11920
16608
28528
454636
22902373

Siziň IP: 216.73.216.171
2026-06-02

Связь с нами