Türkmenistanda tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, çagalar dynç alyp, täze tejribeler edinmäge we ýakymly pursatlary başdan geçirmäge mümkinçilik alýarlar TGÝMJ-i hem şol maksada eýerip jemgyýetiň Hünärmenleri, meýletinçileri bilen bilelikde gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän Gökderedäki “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda boldylar.Olara yssy howada özüňi nähili gün şöhlesinden goramaklygy, dürli hadyssalarda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini we tebigy hadysalarda özüňi alyp barmagyň ussullaryny öwretdiler. Meýletinçiler okuw usullaryny interaktiw görnüşde geçirdiler. Olaryň ýatlarynda galar ýaly tejribeleri çagalaryň özlerine gaýtalatdylar. Bu bolsa dynç alaýan çagalara täze tejribeler edinmäge pursat boldy.