BAŞ SAHYPA

Tomus paslynyň soňky günlerinde Daşoguz welaýatynyň çagalaryň saglygyny dikeldiş we dunç alyş merkezleriniň birinde TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleriniň guramagynda “Ýangyn howpsuzlygyň öňüni almak” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda çagalara ýangyn ýüze çykan halatynda nähili hereket etmelidigi, özüni nädip goramalydygy we beýlekilere kömek etmek bilen birlikde, howpsuzlygy nädip üpjün etmelidigi barada düşündirildi. Şeýle hem, howply ýagdaýlarda tiz we dogry karar kabul etmegiň, ewakuasiýa ýollaryny bilmegiň hem-de şahsy gorag serişdelerinden peýdalanmagyň möhümdigi nygtaldy. Alnan bilimleri berkidip, gyzyklanma döretmek maksady bilen, çagalaryň arasynda toparlaýyn bäsleşikler geçirildi. Olar özara toparlara bölünip, howpsuzlyk düzgünleri boýunça bilimini, tiz pikirlenmek ukybyny hem-de toparlaýyn işleýiş başarnygyny görkezmekde bäsleşdiler. Bu çäre gyzykly we täsirli ýagdaýda geçdi, iň esasy bolsa — çagalaryň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmagyň we seresap bolmagyň möhümdigini has gowy düşünmegine mümkinçilik döretdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
19136606
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6821
12952
114433
303520
19136606

Siziň IP: 216.73.216.9
2025-08-20