BAŞ SAHYPA

Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi “Pähim paýhas ummany- Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ynsan saglygyny goramakda döwlet derejesinde alada edilýandiginiň aýdyň alamatlarynyň biridir. “Ýol hereketiniň kadalary Türkmenistanyň çäginde ähli raýatlar üçin deňdir. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň meýletinçileri bilen bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda çagalaryň arasynda “Sary, gyzyl ýaşyl yşyk- ýollarymyza berýär gelşik ” ady bilen dürli çäreler geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Ýol hereketine gatnaşyjylar kadalaryň-ýolyşyklaryň duýdurmalarynyň, ýol belgileriniň özlerine degişli talaplaryny bilmäge, berjaý etmäge borçludyrlar. Ýol belgileriniň gündelik durmuşymyzda uly ähmiýeti bolup, hereketi sazlamakda, ulaglaryň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde köçäniň düzgünini saklamak üçin örän  zerurdyr. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir diýip bellap geçildi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15720881
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6589
14282
71276
430988
15720881

Siziň IP: 18.97.14.88
2024-12-06