BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredilip, şol ýyllardan bäri hem ol Gyzyl Haç we Gyzy Ýarymaý Halkara hereketlerine laýyklykda il-ýurt bähbitli wajyp işleri amala aşyryp gelýär. Milli guramanyň işindäki baş düýp tutujy esas bolsa ynsanperwerlik hem Bitaraplykdyr. Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketleriniň her bir düýpli ýedi ýörelgesi giň düşünjelere eýe bolup, olar gyşarnyksyz ýöredilip gelýär. Düzüminde müňlerçe agzalary, meýletinçileri bolan Milli jemgyýet gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge işjeň gatnaşyp, döwletiň kömekçileri bolup durýar. Ilatyň arasynda amaly-okuw maslahatlary, wagyz-nesihat çäreleri yzygider gurnaýan Milli jemgyýet Baky Bitarap Türkmenistan döwletinde halkyň saglygyny goramakda, olara durmuş taýdan goldaw bermekde, ýaşlary milli däp-dessurlaryň ruhunda terbiýelemekde we ynsanperwerlik gymmatlyklary ýaýratmakda Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde saldamly goşant goşýar. 

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi 2024-nji ýylyň iş meýilnamasynyň esasynda ýaňy-ýakynda Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşiginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, şeýle-de  köpçülikleýin habar beriş gullugynyň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäher häkimliginiň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Ýaşajyk ýangyn söndürijiler” atly  amaly okuw  çäresi  geçirildi. 1-nji  toparda,  2-nji  toparda we 3-nji  toparda çykyş eden çagalar ýangyn howpsuzlugynyň düzgünlerini dogry berjaý etmek bilen bu ugurda taýýarlan çykyşlary boýunça bäsleşdiler. Gaty çekeleşikli we täsirli geçen ýaşajyk ýangyn söndürijileriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren jogapkärli wezipeleýin çykyşlaryna topar tarapyndan syn berilip bäsleşigiň ýeňijilerine ýagny, 3-nji topar Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşigi, 2-nji topar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, 1-nji topar bolsa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi tarapyndan gymmat  bahaly sowgatlar gowşurylyp, olaryň yhlasynyň, gujur-gaýratynyň, başarnyklarynyň gelejekde Watanymyzyň gülläp ösmegine  ullakan  goşant  boljakdygy bellenip geçildi. Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi öz gezeginde her bir topary hormat hatlary, medallar we diplomlar, bäsdeş toparlaryndan saýlanyp 1-nji ýere mynasyp bolan çagalary öz bäşarnyklaryny işjeňlik bilen görkezip tapawutlanandyklary üçin kubok bilen sylaglady. Amaly okuw çäresiniň soňunda Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň jogapkär işgärleri elektrik enjamlaryny, elektrik ulgamlaryny ulanmagyň düzgünleri, yşyklandyryş enjamlaryny abat saklamagyň we ulanmagyň düzgünleri, görnüşine garamazdan ähli edara-guramalarda ýangyna garşy germewde bolmaly enjamlar, şol sanda ot-söndüriji enjamlaryň abatlygy, olary ulanmagyň düzgünleri, umuman ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň kadalary barada ýatladyp geçdiler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15720314
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6022
14282
70709
430988
15720314

Siziň IP: 18.97.14.88
2024-12-06