BAŞ SAHYPA

8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesiniň laýyklykda Palestina döwletiniň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Gumanizm we duýgudaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, türkmen halky gadymy hoşniýetli dostlukly gatnaşyklar, däpler esasynda TGÝMJ-niň Palestina döwletiniň çagalaryna ynsanperwerlik ýüküne öz goýumyny goşdy. Haýyr-sahabat gaznasynyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça mümkinçilik berildi.

Palestina döwletine ugradylan ynsanperwerlik ýüki derman, medisina serişdelerinden, medisina enjamlaryň tekstil we dürli azyk önümlerinden ybarat.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
10750105
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11043
19493
575568
633013
10750105

Siziň IP: 18.207.129.175
2024-02-29