Habarlar

Halkyň bagtyýar, bölelin, sagdyn, asuda  durmuşda ýaşamagy ugrunda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde yurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni halkyň bähbidine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde “Pähim paýhas ummany – Magtymguly pyragy” ýylynda ýaşlary watansöýüji sagdyn ruhda terbiýelemek maksady bilen saglygymyzy gorap saklamak hem-de ýokanç we ýokanç däl  keselleriň öňüni almak we olaryň zyýanlaryny peseltmek barada, TGÝMJ Türkmenbaşy etrap bölüminiň işgärleri orta mekdeplerde, çagalar baglarynda, halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzgyderli  geçirýärler. Türkmenbaşy etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüne gatnaýan okuwçylaryň arasynda  Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  meýletinçileri bilen bilelikde “Ruhy saglyk – beden saglygyň esasydyr” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda zyýanly endiklerden ýaş nesilleriň daşda durmaklary ündeldi. Ýaş nesilleriň giň dünýä garaýyşly bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilenligi barada giňişleýin aýdylyp geçildi. Gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  jany sag, ömri uzak, il bähbitli, dünýä ähmiýetli  işleriniň rowaç bolmagyny arzuwladylar!

  

TGÝMJ-niň BWB-niň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili                           G.Begmämmedowa

 

 

Iyul 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
18730636
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11983
18310
11983
468293
18730636

Siziň IP: 216.73.216.247
2025-07-01