Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler jaýynda “Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň we Ahal welaýat bölüminiň işgärleri hem-de meýletinçileri gatnaşdy.

Maslahaty Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa açyp, oňa gatnaşyjylar Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli gutlady hem-de bu senäniň giňden dabaralandyrylmagynyň ähmiýetini belledi. Ol çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işiniň esasy ugurlary,  onuň işinde meýletinçileriň orny  dogrusynda hem täsirli gürrüň etdi. Maslahatyň barşynda çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, şahyr Gülşirin Hanowanyň, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewanyň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň işgärleri Kerimberdi Hakberdiýewiň, Süleýman Haýdarowyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ogulnabat Owlakowanyň çykyşlary diýseň täsirli boldy.  Çykyş edenler ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde Watanymyzyň ýeten belent derejeleri, arşa göterilen şan-şöhraty, täze taryhy döwrümizde durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli işler, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda buýsanç bilen söhbet açyp, ýazan goşgularyny labyzly okadylar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende göterýändigi hakda aýdylanlar dabaraly maslahatyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Nygtalyşy ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda şanly ýylymyzda guralýan çäreleriň ähmiýeti uludyr.

Turuwbaşdan ruhubelentlik ýagdaýynda geçen maslahata gatnaşanlar Garaşsyz Watanymyzy baky bagtyýarlygyň, dost-doganlygyň mekanyna öwren, ulus-ilimizi bolelin durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyş-hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

 

Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15721348
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7056
14282
71743
430988
15721348

Siziň IP: 18.97.14.88
2024-12-06