Habarlar

Bütindünỳä ilkinji kömegi bermek gününe bagyşlanyp Türkmenistanyñ Gyzyl Ỳarymaỳ Milli jemgyỳetiniñ Balkan welaỳat bölümi tarapyndan geçirilen okuw we amaly maslahaty ỳokary guramaçylyga beslendi. Onda çykyş edenler Türkmenistanyñ Gyzyl Ỳarymaỳ Milli jemgyỳetiniñ ilat arasynda köptaraplaỳyn işleri alyp barỳandygyny bellediler. Esasy ugurlaryñ biri, ilkinji kömek bermegiñ endiklerini öwretmek boỳunça ilatyñ bilim derejesini ỳokarlandyrmak bolup durỳar. Soñra okuw we amaly maslahatyna gatnaşyjylar Ýer titremede, suw joşanda, ỳangynda, sil gelmede, awtoulag hadysasynda adatdan daşary ỳagdaỳlar bilen tanyşdylar. Özüňi alyp barmagyň,lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň kadalaryny,ýürek-öýken reanimasiýasyny geçirmek endiklerini, gan akmany saklamak,ýaralaryny daňmak, düwünmede,ýanyklarda,elektroşikeslerde tejribe iş arkaly  öwrendiler.Çäräniň dowamynda garaguş keseli,ýürek agyry,infarkt,insult,süýji diabet barada maglumat berildi we şol krizis ýagdaýlarda hereketleriniň ädimlerini öwrendiler.Okuw maslahatda geçirilen tejribe işleri gatnaşyjylar üçin örän täsirli boldy. Ýerli edaralaryň wekilleri  we daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri  geçirilen maslahata  örän gowy baha berildiler.

 

 

 

 

Yanwar 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
29 30 31 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
20895505
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10974
18171
355600
426604
20895505

Siziň IP: 216.73.216.29
2026-01-18

Связь с нами